Turkmenportal logo
Şu gün 10:29
40134013
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Teýmirleň» taryhy eposy Belet platformasynda Türkmenistanda elýeterli boldy

Türkmenistanyň ýaşaýjylary giň gerimli «Teýmirleň» (Rise of the Conqueror) taryhy filmine Belet platformasynda ýokary hilli görnüşde tomaşa edip bilerler.

2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde giň prokata çykan bu film ýaz möwsüminiň iň köp ara alnyp maslahatlaşylan premýeralarynyň birine öwrüldi. Ol ABŞ-nyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň bilelikdäki önümidir hem-de özbek taryhçylarynyň gatnaşmagynda surata düşürildi. Ssenariýany meşhur Deýwid Fransoni ýazdy, ol meşhur «Gladiator» filminiň awtorlarynyň biridir.

Filmiň wakalary XIV asyrda bolup geçýär. Mongol imperiýasynyň dargamagyndan soň Beýik Ýüpek ýoly bulaşyklyga duçar bolýar: söwda şäherleri harabalyga öwrülýär, dürli hökümdarlar häkimiýet ugrunda tükeniksiz uruşlary alyp barýarlar. Şeýle ýagdaýda barlas taýpasyndan bolan ýaş söweşiji Timur rehimsiz dönükligi we agyr ýitgileri başdan geçirýär. Ykbalyň zarbalaryna synman, ol öz ýoluna başlaýar we soňlugy bilen taryhyň iň beýik serkerdeleriniň birine — Tamerlana öwrülýär.

Film taryhy söweş žanrynda, başdan geçirmeler dramasynyň elementleri bilen döredildi. Filmi döredijiler ynandyryjylyga aýratyn üns berdiler: hakyky bezegler, döwre laýyk egin-eşikler hem-de söweş sahnalary Orta asyr Merkezi Aziýasynyň ruhuny janlandyrýar. Filmiň ýaş çäklendirmesi — 16+.

«Teýmirleň» taryhy filmini HD hilinde Belet platformasynda Belet Standard abunasy arkaly tomaşa edip bolýar.