Turkmenportal logo
Şu gün 08:59
41804180
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ahalteke bedewleri Daşkentde geçiriljek halkara ýaryşlaryna gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine, gatnaşar. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, hökümetiň mejlisiniň dowamynda atçylyk we atçylyk sporty bilen bagly çäreleriň taýýarlygy barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýew hasabat berdi. Türkmen wekiliýetiniň Özbegistana boljak saparynyň çäklerinde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly maslahata hem gatnaşmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýere agzalan atly sport we gözellik bäsleşiklerine ýurdumyzyň atşynaslaryny, ahalteke bedewlerini gatnaşdyrmak babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.