Turkmenportal logo
Şu gün 08:15
35673567
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda kompozitor Weli Muhadowyň hatyrasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Aşgabat şäherinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda türkmen opera sungatynyň esasyny goýujylaryň biri bolan kompozitor Weli Muhadowyň durmuş we döredijilik ýoluna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Maslahata medeniýet we sungat işgärleri, konserwatoriýanyň mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar.

Dabarada bu çärä hormatly myhman hökmünde gelen Sultan Raýew – TÜRKSOÝ guramasynyň Baş sekretary, Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy çykyş etdi. Onuň bellemegine görä, Weli Muhadow dünýä derejesindäki kompozitor bolup, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem ähli türk dünýäsiniň saz sungatynyň ösüşine uly goşant goşan şahsdyr.

Maslahata gatnaşyjylar W. Muhadowyň döredijiliginiň milli äheňleri nusgawy saz görnüşleri bilen sazlaşykly utgaşdyrmagyň ajaýyp nusgasy bolup durýandygyny bellediler. Onuň mirasynda opera žanry aýratyn orun eýeleýär – «Zöhre we Tahyr» hem-de «Ganly saka» operalary türkmen opera sungatynyň milli mekdebiniň esasyny düzdi.

Çäräniň dowamynda kompozitoryň talyp ýyllaryndaky gazanan üstünlikleri hem aýratyn nygtaldy. Ol Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynda dördünji kursda okaýan döwründe «Türkmen sýuitasy» atly eserini döredip, ol SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Şeýle-de onuň diplom işi – «Meniň Watanym» atly simfoniki poemasy hem ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy. Şeýlelikde, Muhadow yzly-yzyna iki gezek Döwlet baýragynyň laureaty bolup, bu ýagdaý Moskwa konserwatoriýasynyň taryhynda görlüp-eşidilmedik waka boldy — diýip, habarda bellenilýär.

Çäräniň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary bilen ussatlyk sapaklary hem geçirildi.