Turkmenportal logo
Şu gün 08:10
32483248
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Bakuda geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumyna gatnaşar

Türkmen wekiliýeti 17–22-nji maý aralygynda Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşar. Bu çäre BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti bilen bilelikde guralýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli taýýarlyk işleriň geçirilmegi boýunça tabşyryklar berildi — diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine zerur guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.