Şu ýylyň 16-17-nji maýynda türkmen wekiliýetiniň London şäherine iş sapary meýilleşdirilýär. Saparyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň Patyşalyk maşgalasy tarapyndan guralýan Windzoryň halkara atly oýunlaryna we atly ýaryşlaryna gatnaşmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Häzirki wagtda ahalteke bedewlerine we türkmen atçylyk däplerine bagyşlanan serginiň taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapara degişli derejede taýýarlyk görmegiň ähmiýetini belläp, munuň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda aýratyn mana eýedigini nygtady.