Turkmenportal logo
Düýn 17:21
96989698
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Magtymguly et­ra­by­nda Wa­şing­to­ni­ýa pal­ma­sy ösdürilýär

Magtymguly et­ra­by­nyň Çen­dir ge­ňeş­li­gi­niň Ak oba­sy­nyň ýa­şaý­jy­sy Mäm­met­gel­di Hu­daý­ber­di­ýew — ösüm­lik­le­rdir baglary ýetişdirmäge örän yhlasly. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ol oba­daky 15-nji or­ta mek­de­bi­ň ho­ja­lyk bö­lü­min­de zäh­met çek­ýär. Iş­den boş wagt­la­ry dür­li agaç­la­ra maş­ga­la ag­za­la­ry bi­len bi­le­lik­de ideg ed­ýär. Ola­ryň how­lu­syn­da­ky agaç­la­ryň ara­syn­da Wa­şing­to­ni­ýa pal­ma­sy hem bar.

Ýy­ly­ly­gy söý­ýän, şo­nuň bi­len bir­lik­de, çalt ös­ýän bu agaç berk şa­ha­ly pal­ma­la­ryň mek­si­kan hi­lin­den­dir. 2006-njy ýyl­da eki­len da­ragt subt­ro­pik ho­wa şert­le­ri­ne uý­gun­la­şan­dyr. Dün­ýä­de onuň 3500 gör­nü­şi­niň ha­sa­ba al­nan­dy­gy­ny hem bel­le­mek ge­rek.