Turkmenportal logo
Şu gün 11:27
44264426
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Pakistanyň öňdebaryjy «HabibMetro» banky hyzmatdaşlygy ýola goýýarlar

Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki ilçihanasynda Pakistanda ilkinji täjirçilik banklarynyň biri bolan HabibMetro bankynyň Daşary ýurt wekilhanalary bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Fatima Zehranyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar maliýe we bank ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Göni korrespondent gatnaşyklaryny ýola goýmaga, maliýe mehanizmlerini kämilleşdirmäge hem-de bilelikdäki taslamalary goldamaga aýratyn üns berildi.

Taraplar iki ýurduň maliýe edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge bolan isleglerini mälim etdiler. Bu ýagdaýyň işewürlik üçin has amatly şertleri döretmäge we maýa goýumlary artdyrmaga ýardam etjekdigi bellendi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmek we hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny öňe sürmek barada ylalaşdylar.

HabibMetro banky ýurduň 1947-nji ýyldan bäri öňdebaryjy maliýe edarasydyr.