Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýüzlenme kabul etdiler. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen ýüzlenmede şeýle bellenilýär:
«Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilen Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.
Bu forumyň döwrebap tejribeleri alyşmakda uly ähmiýete eýe bolandygyny nygtamak gerek. Hytaý Halk Respublikasynyň işewürleriniň, iri kompaniýalarynyň öz harytlaryny türkmen bazaryna çykarmaga gyzyklanma bildirýändikleri hem muny doly subut edýär. Giň möçberli çäräniň dowamynda hytaýly haryt öndürijiler ýokary hilli önümleri, täze tehnologiýalary, geljekki taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Şolaryň arasynda dostlukly döwletiň iri senagat düzümleriniň bolmagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Ýokary guramaçylykda geçirilen bu forum we sergi dürli pudaklardaky özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň köp ugurlary boýunça gazanylan tejribeleri paýlaşmaga ýardam berdi. Iki döwletiň degişli pudaklarynyň hünärmenleriniň arasynda geçirilen duşuşyklar, öňe sürlen teklipler hytaýly işewürleriň türkmen bazarynda mynasyp orun eýelemekleri babatda täze gyzyklanmalary döretdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribeleri, ägirt uly mümkinçilikleri, ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň gazananlary, işewür toparlaryň hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalary söwda-ykdysady ulgamda köpugurly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga giň ýol açýar.
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!
Siziň tagallalaryňyz bilen geçirilen Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň ýokary derejede guralmagy babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent, halkara derejeli başlangyçlary durmuşa geçirmekde, şol sanda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny täze sepgitlere çykarmakda alyp barýan tutumly işleriňizde hemişe üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris».