Düýn açylan Türkmen-Hytaý sergisinde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkeziniň giň meýdanynda ýerleşdirilen 70-den gowrak diwarlykda Hytaýyň köpugurly döredijilik we innowasion mümkinçilikleri görkezilýär.
Hytaý Halk Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri sergä gelýänleri gurluşyk we gaz we nebit-himiýa toplumlaryny döwrebaplaşdyrmak ugurlaryndaky öňdebaryjy işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrýarlar — diýip, TDH agentligi habar berýär.
Sergä gatnaşýanlaryň arasynda peýdaly magdan känlerini ýüze çykarmak we çig mal gorlaryna baha bermek üçin tehnologiýalary üpjün etmek, şeýle hem buraw işleri üçin zerur enjamlar we tehnikalar boýunça hyzmatlary hödürleýän kompaniýalar hem bar.
Önümçilik we eksport möçberi boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýän dostlukly döwletiň gazananlary Türkmenistan üçin uly gyzyklanma döredýär.
Ulag-aragatnaşyk pudagy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edip, diňe iki ýurduň däl-de, eýsem tutuş Ýewraziýa yklymynyň ösüşine hem täsir edýär. Şunda Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek.
Ekspozisiýada şäher içi we şäherara gatnawlar, şeýle hem syýahatçylyk üçin niýetlenen ýolagçy awtobuslarynyň dürli görnüşlerini öndürýän hytaý kompaniýalarynyň diwarlyklary hem bar.
Sergä awtoulag serişdeleri üçin dürli ätiýaçlyk şaýlaryny, şol sanda hereketlendirijileri, akkumulýatorlary we tigirleri öndürýän birnäçe kärhanalar hem gatnaşýar.
Şeýle hem ýokary tizlikli demir ýol we awtomobil ýollarynyň, ýerasty geçelgeleriň, şäher metropolitenleriniň, köprüleriň gurluşygy boýunça Hytaýyň döwlet we hususy korporasiýalarynyň toplan tejribesi uly gyzyklanma döredýär.
Käbir kompaniýalar dokma senagaty, gurluşyk-gurnama işleri, ýyladyşhanalar we suw hojalygy desgalary boýunça hyzmatlar bilen tanyşdyrýarlar. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda «akylly» tehnologiýalaryň esasynda işleýän oba hojalyk tehnikalaryny, optiki-süýüm kabelleri, ýokary hasyl berýän we daşky gurşawa çalt uýgunlaşýan oba hojalyk ekinleriniň tohumlaryny, şeýle hem weterinariýa dermanlaryny öndürijiler hem bar.
Aýry-aýry diwarlyklarda dürli derman serişdelerini we waksinalary öndürmek babatda bar bolan hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada hem maglumat berilýär.