Şu gün Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-hytaý işewürlik forumy öz işine başlady.
Forumyň gatnaşyjylaryna Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ýola goýlan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşine bagyşlanan wideofilm görkezildi.
Forumyň umumy mejlisi «Hyzmatdaşlyk, ynam, ösüş: türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze tapgyry» atly mowzuga bagyşlandy.
Çykyş edenleriň arasynda: Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulow, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şumin, Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri M. Akmämmedow, Hytaýyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam beriji birleşiginiň prezidenti He Çženwen, şeýle hem Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri H. Hudaýgulyýew bar.
Ertir günüň dowamynda B2B görnüşindäki duşuşyklar geçiriler, ýagny işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, hyzmatdaşlary, müşderileri ýa-da üpjün edijileri tapmak hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen kompaniýalaryň arasynda duşuşyklar guralar. Şeýle hem hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň gol çekiliş dabaralary geçiriler.
Ýatladyp geçsek, düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-hytaý sergisi açyldy.