Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna göçmek isleýän daşary ýurt raýatlarynyň sany synlamalaryň tutuş taryhynda juda azaldy. Muňa ýurduň «Gallup» gullugynyň dürli ýurtlaryň raýatlarynyň gatnaşmagynda geçiren pikirsoraşmasynyň jemleri güwä geçýär diýip, «Armenpress» habar berdi.
Ýagny pikiri soraşylanlaryň 15 göterimi ABŞ-da ýaşamak isleginiň bardygyny tassyklady, emma 2007 – 2009-njy ýyllaryň aralygynda bu san 24 we 2017-nji ýylda 18 göterime deňdi.
ABŞ, esasan hem, Latyn Amerikasy, Karib deňzi sebiti hem-de Saharadan günortadaky Afrika ýurtlarynyň raýatlary üçin özüne çekiji bolup galýar.
Şol bir wagtda öz Watanyny terk etmek isleýän amerikalylaryň köpelendigi belli boldy, pikirsoraşmanyň jemlerine görä, 45 ýaşa çenli amerikaly zenanlaryň 40 göterimi häzirki wagtda ýurtdan göçmek barada pikir edýär. 2014-nji ýylda olaryň sany 10 göterime deňdi.
Pikirsoraşma 140 ýurduň 144 müň raýatynyň arasynda geçirildi.