Turkmenportal logo
Şu gün 14:37
77417741
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Toyota» bir ýylda 10 milliondan gowrak awtoulag satdy
Surat: motor.ru

Ýaponiýanyň «Toyota» konserni 2025-nji maliýe ýylynda 10,47 million sany awtoulag satdy diýip, TASS habar berýär.

Ýerli seljerijileriň belleýşi ýaly, dürli kynçylyklara, şol sanda ABŞ-nyň Prezidentiniň edarasy tarapyndan Ýaponiýanyň awtoulag pudagyna uly zyýan eden söwda paçlaryna garamazdan, bu satuwlar rekord derejededir. Hatda oňa Ýakyn Gündogara ulag ýerlemegiň kynlaşmagy-da täsir etmedi, ýagny geçen martda bu sebitde «Toyotanyň» satuwlary 46,4 göterim pese düşdi.

Umuman alnanda, geçen maliýe ýylynda ýapon awtoläheňiniň ählumumy satuwlary 2 göterim artdy, emma içki bazarda kompaniýa 2 göterim ýitirdi (1,48 mln ulag), ýöne daşary bazarda 2,7 göterim (9 mln birlik) ösüş gazandy.