Turkmenportal logo
Şu gün 14:07
39733973
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Fridrih II adyndaky Neapol uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirdi

27-nji aprelde Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow iş sapary bilen Neapol şäherinde boldy.

Saparyň dowamynda Fridrih II adyndaky Neapol uniwersitetiniň rektory, professor Matteo Lorito bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar türkmen ýokary okuw mekdepleri bilen Italiýanyň uniwersitetiniň arasynda ylmyň, oba hojalygynyň we durnukly ösüşiň ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem özara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün ilçiniň uniwersitetiň ýanynda hereket edýän «Apple Developer Academy» merkeziniň ylmy direktory doktor Jorjo Wentre bilen hem duşuşygy boldy. Gepleşikleriň dowamynda sanly tehnologiýalar we programmalaşdyrmak ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak, şol sanda tejribe endiklerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.

Duşuşyklaryň netijesi boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin ýakyn wagtda iki ýurduň ylmy we bilim jemgyýetçiliginiň wekilleriniň özara saparlaryny guramak barada ylalaşdylar.