Turkmenportal logo
Şu gün 09:03
75127512
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda iňlis dili mugallymlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bäsleşik 27-nji orta mekdebiň binýadynda geçirilip, bilim beriş işinde täsirli usullary we innowasion işläp taýýarlamalary ýüze çykarmaga gönükdirildi.

Gatnaşyjylar iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman usullaryna, interaktiw oýunlaryň we sanly platformalaryň ulanylmagyna, şeýle hem grammatika, söz baýlygy, diňläp düşünmek we gepleşik başarnyklaryny ösdürmäge bagyşlanan awtorlyk usuly gollanmalaryny hödürlediler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça iň gowy mugallymlar etrap bilim bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandy.