Turkmenportal logo
Şu gün 07:45
33833383
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
R.Meredow we Malaýziýanyň ilçisi ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.

Şu ýyl Malaýziýanyň nebitgaz ulgamynda uly iş tejribesi bolan «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna 30 ýyl dolýandygy nygtaldy.

Diplomatlar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini tassykladylar. Türkmen talyplarynyň ýüzlerçesi Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň çäklerinde «Petronas» Tehnologik uniwersiteti bilen netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar.

Şeýle hem türkmen hünärmenleri Malaýziýanyň tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ugry boýunça okuw maslahatlaryna we seminarlaryna gatnaşýarlar.

Taraplar öňde boljak ýokary döwlet we hökümet derejesindäki duşuşyklar bilen bagly meselelere hem seretdiler diýlip, habarda bellenilýär.