Turkmenportal logo
Şu gün 16:09
37463746
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan «KazanForumyň» ýaş aşpezleriniň bäsleşiginde öz aşhanasyny hödürlär

13 — 15-nji maý aralygynda Kazanda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Ýunus Ahmetzýanow adyndaky ýaş aşpezleriň üçünji halkara bäsleşigi geçiriler. ntr-24.ru saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistan bu bäsleşikde ilkinji gezek çykyş eder.

Bäsleşige 18 ýurtdan, şol sanda Russiýadan, Saud Arabystanyndan, BAE-den, Türkiýeden, Eýrandan, Gazagystandan, Özbegistandan we birnäçe beýleki döwletlerden 16 ýaşdan 25 ýaş aralygyndaky aşhana işiniň täze başlaýan hünärmenleri gatnaşarlar. Türkmenistan we Iordaniýa bu meýdançada şu ýyl ilkinji gezek debýut ederler.

Bäsleşigiň aýratynlygy «gara guty» görnüşinde bolar: gatnaşyjylar bäsleşik başlamazdan öň, onuň düzümi barada öňünden bilmezden, azyk önümleriniň toplumyny alarlar. Bu çemeleşme tehniki taýýarlygyň derejesini, pikirleniş tizligini we çäkli wagt şertlerinde işlemek ukybyny ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Bäsleşigiň çäklerinde myhmanlar yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň aşhanalarynyň tagamlaryny bento-bokslar görnüşinde dadyp görerler. Tagamlar gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleriniň özleri bilen getiren reseptleri boýunça Kazanyň restoranlary tarapyndan taýýarlanar.

Her bäsleşik gününiň ahyrynda ussatlyk sapaklary, leksiýalar, şeýle hem sazly we tansly çykyşlar bolan gündogar medeniýetleriniň festiwaly meýilleşdirilýär.