Turkmenportal logo
Şu gün 10:39
90809080
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmen-Hytaý işewürlik forumy we sergi geçiriler

2026-njy ýylyň 28–30-njy apreli aralygynda Aşgabatda Türkmen-Hytaý işewürlik forumy hem-de onuň bilen ugurdaş sergi hem geçiriler. Çäreler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, Çandybil şaýoly, 143 salgysynda guralar.

Gatnaşmaga pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, telekeçiler, şeýle-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri çagyryldy.

Sergi 28-nji we 29-njy aprelde sagat 10:00-dan 18:00-a çenli, soňky gün — 30-njy aprelde bolsa sagat 10:00-dan 16:30-a çenli açyk bolar.

Goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 39-88-81, 39-88-82, 39-88-83.