Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Hytaýyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar.
Şeýle hem Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine portlandsement, jins önümleri, nah ýüplük, bugdaý uny ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 529 million 835 müň manada deň bolan tehniki kükürdi («Türkmengaz» döwlet konserni), polipropileni we nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), çig ýüpegi, pagta süýümini satyn aldylar.