2-nji we 3-nji maýda Aşgabatda görnükli türkmen kompozitory Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli TÜRKSÖÝ guramasynyň opera sahnasynyň ussatlarynyň gala-konserti geçiriler.
Konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň bilelikde çykyş etmeginde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Türkiýeden gelen artistler we Türkmenistanyň sungat ussatlary çykyş eder.
Konsert Mukamlar köşgünde geçiriler. Başlanýan wagty: sagat 18:00.
Ozal habar berşimiz ýaly, maý aýynda Aşgabatda TÜRKSÖÝ guramasynyň Opera günleri geçiriler.