Turkmenportal logo
Düýn 22:46
24582458
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün Oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, işjeň häsiýete beslenen bu halkara ylmy maslahat baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi.

Halkara ylmy maslahatda ýerli hem-de daşary ýurtly hünärmenleriň, professor-mugallymlaryň we atşynaslaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary netijesinde müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan atçylyk sungatyna kuwwatly itergi berildi. Türkmenistanda ahalteke bedewleriniň şöhratyny dünýä ýaýmak olaryň baş sanyny artdyrmak hem-de tohumçylyk işini döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurtda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ugurdaş ylmy-okuw merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Atşynaslaryň ýaşaýyş durmuş derejesi we iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar  döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Prezident Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözlerini aýdyp, tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.