Turkmenportal logo
Düýn 14:55
1155011550
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Astanada geçirilýän ekologiýa sammitindäki işini dowam etdirýär

Türkmen wekiliýeti Gazagystanyň paýtagtynda 22–24-nji aprelde geçirilýän RES 2026 Sebit ekologiýa sammitine işjeň gatnaşmagyny dowam etdirýär.

Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Tebigaty goramak ministrliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň, Bilim ministrliginiň we Saglygy goraýyş ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri girýär. Şeýle-de sammitiň işine Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň jogapkär sekretary, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky Taslama edarasynyň direktory, FAO-nyň Türkmenistandaky sebit wekilhanasynyň wekilleri hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň agzalary gatnaşýarlar.

Wekiliýetiň agzalary sammitiň dürli tematiki mejlislerine we tegelek stollaryna gatnaşýarlar. Sammitiň çäklerinde türkmen tarapynyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada howa durnuklylygyny üpjün etmekde täze mümkinçilikler hökmünde howa tehnologiýalar we çölleşmäge garşy göreş boýunça sebit merkezleri» atly tematiki mejlis geçirildi.

Turkmenportal sammitiň gidişini yzygiderli beýan etmegini dowam etdirýär we Türkmenistanyň wekilleriniň çykyşlary barada aýratyn mejlislerde we pikir alyşma meýdançalarynda materiallary çap eder.