Aşgabat şäherindäki «SARY» binagärlik studiýasy Serbiýanyň Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO 2027 Bütindünýä sergisi üçin Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça bäsleşige gatnaşýar. Bu barada kompaniýanyň özi habar berýär.
Studiýa binagärlik taslamalaşdyrmasynyň toplumlaýyn ugruna ýöriteleşendir — ýagny başlangyç konsepsiýadan başlap, gurluşygyň awtorlyk gözegçiligine çenli ähli tapgyrlary öz içine alýar. Onuň bukjasynda ýaşaýyş jaýlary, täjirçilik hem-de dynç alyş maksatly desgalar bar, şeýle hem «Drinkit» (DODO Brands) halkara kafe torunyň dizaýn işläp taýýarlamalary ýerine ýetirildi.
«SARY» studiýasynyň iň belli taslamalarynyň biri «Ýüpekçi» kompaniýasynyň baş ofisidir: 2025-nji ýylda bu taslama dünýä binagärliginde iň abraýly çäreleriň biri bolan World Architecture Festival bäsleşiginiň finalyna çykdy. Mundan başga-da, ol German Design Awards baýragyna, Halkara binagärler birleşikleriniň assosiasiýasynyň bäsleşiginiň diplomyna hem-de Moskwada geçirilen «Zodçestwo 2025» halkara sergisinde Serbiýanyň Binagärler birleşiginiň ýörite baýragyna mynasyp boldy.
EKSPO 2027 bäsleşigine gatnaşmak studiýa üçin halkara derejedäki ilkinji tejribe däl: onuň hünärmenleri mundan ozal Ýaponiýada geçirilen EXPO 2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasynyň üstünde işläpdi.