Turkmenportal logo
Düýn 14:51
1582015820
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» topary möwsümde ilkinji gezek öý meýdançasynda çykyş edip, «Şagadam» toparyny ýeňdi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň dördünji tapgyrynda «Arkadag» toparynyň futbolçylary «Şagadam» toparyny 3:2 hasabynda ýeňdiler. Bu duşuşyk häzirki çempion üçin şu möwsümde Arkadag şäherindäki öý meýdançasynda geçirilen ilkinji oýun boldy.

Ýeňijileriň düzüminde Didar Durdyýew iki pökgi geçirdi (4-nji we 38-nji minutlarda), ýene bir pökgini bolsa Şamämmet Hydyrow (75-nji minutda) öz adyna ýazdyrdy. «Şagadam» toparynda bolsa iki pökgini hem Serdar Gulyýew geçirdi (45-nji we 61-nji minutlarda, ikinjisi – penalti urgusyndan).

Bu ýeňşiniň netijesinde «Arkadag» topary 12 utuk toplap, Ýokary liganyň ýaryş tertibinde ýekelikde öňdeligi eýeledi. 9 utukly «Şagadam» ikinji orunda barýar, ilkinji üçlügi bolsa 6 utuk bilen «Altyn Asyr» topary jemleýär, ýöne onuň ätiýaçda bir oýny bar.

Mundan öň Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary paýtagtdaky «Aşgabat» stadionynda iki öý oýnuny geçirip, «Merw» toparyny 7:1 hasabynda uly hasap bilen ýeňdi we «Ahal» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy.

4-nji tapgyryň 22-nji aprelde geçiriljek beýleki oýunlarynda «Köpetdag» «Nebitçi» bilen duşuşar, «Merw» «Aşgabat» toparyny kabul eder, «Ahal» bolsa «Altyn Asyr» bilen güýç synanyşar.