3-nji maýda Aşgabat şäherinde küşt boýunça milli Gran-pri ýaryşlaryna badalga berler.
Ýaryşlar Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçiriler.
Bu ýaryşlara Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň ussatlyk derejesine ýeten agzalary gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjylary hasaba almak 26-njy aprele çenli (18:00-a çenli) şu salgylanma arkaly dowam eder: https://bit.ly/granpriashgabat2026.
Ýaryşyň emini hökmünde FIDE-niň emini Serdar Annaberdiýew hem-de milli derejeli emin Aýgül Saryýewa alyp barar.
Ýaryşy guramak bilen bagly çykdajylar Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan üpjün ediler.
«Aşgabat» tapgyrynyň baýrak gaznasy 10 000 manat bolup durýar.
Ýaryş 8-nji maýa çenli dowam eder.