Turkmenportal logo
Düýn 23:38
16241624
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýly myhmanlar Aşgabadyň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp gördüler

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň agzalary Aşgabadyň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp gördüler. Bu ýerde ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesi we bu ugurda ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeleri barada gürrüň berildi. Şeýle-de myhmanlar merkeziň enjamlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde döredilen ýokary derejeli mümkinçilikler bilen tanyşdylar.

Merkeziň hünärmenleri bu ýerde adamlaryň saglygyny goramak, bejerişiň ýokary hilini üpjün etmek üçin döredilen şertler hem-de merkeziň alyp barýan işiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler. Myhmanlar merkeziň bejeriş otaglary, barlaghanalary bilen tanyşlygynyň dowamynda ornaşdyrylan enjamlaryň hiline we bu ýerde ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesine ýokary baha berdiler.