Turkmenportal logo
Şu gün 17:03
60786078
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GDA-nyň DIM-leriniň geňeşiniň indiki mejlisi 7-nji oktýabrda Türkmenistanda geçiriler

17-nji aprelde Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini we Arkalaşygyň çägindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

«TASS» agentliginiň habar bermegine görä, mejlisiň dowamynda bilim ulgamyndaky iki sany binýatlyk gurama boýunça çözgütler kabul edildi, şeýle hem adamyň älem giňişligine ilkinji uçuşynyň 65 ýyllygyna bagyşlanan Bilelikdäki beýannama tassyklanyldy. Resminamada kosmosy özleşdirmegiň we ulanmagyň ähli halklaryň hem-de döwletleriň bähbidine hyzmat etmelidigi nygtalýar. Mundan başga-da, gatnaşyjylar GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň we Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň tassyklamagyna beriljek birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seretdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça Arkalaşygyň Baş sekretary Sergeý Lebedew GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň indiki duşuşygynyň 7-nji oktýabrda Türkmenistanda — 9-njy oktýabra meýilleşdirilen Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda geçiriljekdigini habar berdi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň belleýşi ýaly, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Liderleriniň sammiti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolar.