Turkmenportal logo
Şu gün 11:06
1305113051
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda serhoş ýagdaýda ulag dolandyrmak üçin jerimeler ýokarlandyryldy

2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap Türkmenistanda Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiň 222-nji maddasyna girizilen üýtgetmeler güýje girýär. Bu madda ulag serişdesini serhoş ýagdaýda dolandyrmak üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýar. Üýtgetmeler 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekildi.

Täzelenen kadalara laýyklykda ulag dolandyrmagy görnetin serhoş ýagdaýdaky adama bermek (222-nji maddanyň 3-nji bölegi) üçin jerime 6 binýatlyk mukdardan 10 binýatlyk mukdara çenli ýokarlandyryldy.

Ulagy dolandyrmaga hukugy bolmadyk we serhoş ýagdaýda saklanan adamlar üçin (4-nji bölek) jerimäniň aşaky çägi 7-den 12 binýatlyk mukdara çenli ýokarlandyryldy, ýokarky çägi bolsa 15 binýatlyk mukdar derejesinde galdyryldy. Bir ýylyň dowamynda gaýtalanan ýagdaýda (5-nji bölek) jerimäniň aşaky çägi 8-den 17 binýatlyk mukdara çenli ýokarlandyrylýar.

Mundan başga-da, ulag serişdeleriniň ulanmaga goýberilmegi üçin jogapkär bolan wezipeli adam tarapyndan sürüjä ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda dolandyrmaga goýberilmeginiň jogapkärçiligi hem güýçlendirildi (6-njy bölek): öň 1–3 binýatlyk mukdar aralygynda bellenilen jerime indi anyk 5 binýatlyk mukdar möçberinde kesgitlenýär.

Ulagy görnetin serhoş ýagdaýda dolandyrmak üçin göz öňünde tutulan çäreler (222-nji maddanyň 1-nji we 2-nji bölekleri) üýtgedilmedi. Şeýle ýagdaýda öňküsi ýaly 6 aýdan 1 ýyla çenli ulag dolandyrmak hukugyndan mahrum etmek göz öňünde tutulýar, gaýtalanan düzgün bozmalarda bolsa — on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär we 1 ýyldan 2 ýyla çenli ulag dolandyrmak hukugyndan mahrum etmek çäreleri ulanylýar.

Bu üýtgetmeler ýurtda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri güýçlendirmäge gönükdirilendir.