Turkmenportal logo
Düýn 21:43
1089610896
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Hytaýa tebigy gazyň iberilişini artdyrmagy meýilleşdirýär

Türkmen tebigy gazynyň Hytaý bazaryna iberilen umumy möçberi eýýäm 462 milliard kub metrden geçdi we geljekde bu görkezijiler has-da artdyrylar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow gaz pudagynda iki ýurduň strategiki hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatda aýtdy.

Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda 2006-njy ýylyň 3-nji aprelinde gol çekilen Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi taslamasyny durmuşa geçirmek baradaky Baş ylalaşygyň 20 ýyllygy bellenilýär. G.Agajanowyň aýtmagyna görä, hut şu resminama iki ýurduň gaz pudagyndaky strategiki hyzmatdaşlygynyň syýasy, ykdysady we hukuk esasyny döretdi.

Soňky iki onýyllygyň dowamynda amatly maýa goýum gurşawy esasynda bilelikdäki birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Wise-premýer türkmen-hytaý gaz geçirijisiniň «gadymy döwürlerden bäri Türkmenistany Hytaý bilen baglanyşdyran, Gündogary we Günbatary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman keşbine öwrüljekdigine» ynam bildirdi.

Şeýle-de wise-premýer taraplaryň syýasy erk-isleginiň we täjirçilik bähbitleriniň türkmen «mawy ýangyjynyň» Hytaýa iberilişini mundan beýläk-de artdyrmak üçin amatly şertleri döredýändigini nygtady. Ol «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň («CNPC») bilelikde «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge başlamagynyň munuň aýdyň mysaly bolup durýandygyny nygtady.