Turkmenportal logo
Şu gün 15:33
64736473
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Russiýanyň Deňiz gämileriniň hiline gözegçilik edýän döwlet edarasy gämileri gözden geçirmek boýunça täze ylalaşygy ara alyp maslahatlaşdylar

15-nji aprelde Sankt-Peterburg şäherinde Russiýanyň Deňiz gämileriniň hiline gözegçilik edýän döwlet edarasynyň baş müdirliginde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşiklere Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Gämiçilik boýunça döwlet gözegçilik edarasynyň hem-de «Deňiz söwda porty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň esasy meselesi — Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň astynda ýüzýän gämileri konwensiýanyň talaplaryna laýyklykda gözden geçirmek boýunça ygtyýarlyklary Russiýanyň Deňiz gämileriniň hiline gözegçilik edýän döwlet edarasyna bermek hakynda täze ylalaşygy ara alyp maslahatlaşmak boldy. Şeýle hyzmatdaşlygyň taraplaryň arasynda uzak taryhy bar: ilkinji şeýle ylalaşyk 2012-nji ýylda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerinde baglaşylypdy.

Deňiz gämileriniň hiline gözegçilik edýän döwlet edarasynyň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Andreý Fasolko bilen geçirilen duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Olaryň hatarynda maslahat beriş hyzmatlary, programma üpjünçiligini bilelikde işläp taýýarlamak hem-de türkmen baýdagynyň astyndaky gämileriň ulanylyşy bilen bagly meseleler boldy.

Duşuşykda deňiz hünärmenlerini taýýarlamak meselesine hem aýratyn üns berildi. Admiral S.O. Makarow adyndaky Döwlet deňiz we derýa floty uniwersitetiniň birinji prorektory Sergeý Aýzinowyň gatnaşmagynda taraplar Türkmenistanda Deňizçileri halkara standarty boýunça taýýarlamak, olara diplom bermek we gämi nobatçylygyny ýerine ýetirmek hakynda konwensiýasynyň düzgünlerini ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem deňiz gämileriniň ekipažlaryny taýýarlamak üçin okuw-türgenleşik merkezini döretmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Saparyň netijesinde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassykladylar hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.