Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna gatnaşjak dört topar doly kesgitlenildi. Finala çykmak ugrunda häzirki çempion — «Pari Sen-Žermen» bilen «Bawariýa», şeýle hem «Atletiko» bilen «Arsenal» güýç synanyşar.
Ýarym final duşuşyklary 28–29-njy aprelde we 5–6-njy maýda geçiriler. Final oýny bolsa 30-njy maýda Budapeşt şäherinde geçiriler.
«Bawariýa» iki duşuşygyň jemi boýunça «Real» toparyndan üstün çykyp, ýarym finala çykdy. Myunhende geçirilen jogap duşuşygynda nemes kluby 4:3 hasabynda ýeňiş gazandy. Gollary Aleksandar Pawlowiç (6-njy minutda), Garri Keýn (38), Luis Dias (89) we Maýkl Olise (90+4) geçirdiler. «Real» toparynda bolsa Arda Güler dubl etdi, ýagny iki gol geçirdi (1-nji, 29-njy minutlarda), şeýle hem Kilian Mbappe (42) tapawutlandy. Ilkinji duşuşykda «Bawariýa» myhmançylykda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
86-njy minutda «Real» klubynyň ýarym goragçysy Eduardo Kamawinga ikinji sary duýduryşy alyp, meýdançadan çykaryldy. Final jürlewigi çalnandan soň bolsa Arda Güler emin bilen jedelleşendigi üçin gyzyl duýduryşy aldy. «Bawariýanyň» tälimçisi Wensan Kompani 44-nji minutda duýduryş alandygy sebäpli, toparynyň Çempionlar ligasyndaky indiki duşuşygyny goýbermeli bolar.
Ugurdaş geçirilen başga bir oýunda «Arsenal» Londonda «Sporting» bilen jogap duşuşygynda 0:0 hasabynda deňme-deň oýnap, ýarym finala çykdy. Ilkinji oýunda iňlis kluby myhmançylykda 1:0 hasabynda ýeňipdi. «Arsenal» öz taryhynda ilkinji gezek iki möwsüm yzly-yzyna Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykmagy başardy. Geçen ýyl londonlylar bu tapgyrda ýaryşyň soňky çempiony — «Pari Sen-Žermen» toparyndan ýeňlipdi.