«Tatar gyzy-2026» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry oktýabr aýynda Türkmenistanda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew arasynda geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça habar berildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar bäsleşigi geçirmäge taýýarlyk görmek meselelerini, şeýle hem türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň medeni-ynsanperwer ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu bäsleşigiň milli däp-dessurlary, ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga hem-de medeniýetara dialogy pugtalandyrmaga ýardam berýän möhüm medeni-ynsanperwer meýdança hökmünde ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Türkmen tarapy çäräni ýokary derejede guramak we onuň üstünlikli geçirilmegi üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ynam bildirdiler.
Ýatladyp geçsek, «Tatar gyzy-2025» bäsleşiginiň ýeňijisi Türkmenistana wekilçilik eden Alsu Rafikowa boldy.