Turkmenportal logo
Düýn 13:08
86608660
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen türgenleri Russiýada geçiriljek halkara rafting forumyna çagyryldy

Türkmen türgenleri 21–30-njy iýun aralygynda Russiýanyň Altaý Respublikasynda geçiriljek XI «Белая Вода Сибири 2026» («Sibiriň ak suwlary 2026») halkara medeni-sport rafting forumy çäresine gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada Russiýanyň Rossotrudniçestwo gullugy habar berýär.

Türkmenistandan başga-da, çärä ýene 13 döwletiň — Serbiýanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Mongoliýanyň, Braziliýanyň, Çiliniň, Gyrgyzystanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Moldowanyň wekilleri gatnaşar. Forumyň maksatnamasy 10 güne niýetlenip, Katun derýasy boýunça çalt akymly böleklerden rafting ýörişlerini, şeýle hem täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamagy öz içine alýar.

Gatnaşyjylara Beýik Ilgumen çeşmesinden Ursul derýasyna çenli geçirilýän meşhur «Halklaryň dostluk akym ýörişi» garaşýar. Şeýle hem rekreasion, ýagny dynç alyş raftingleri guramak boýunça tejribe alyşmak we bilelikdäki syýahatçylyk önümlerini döretmek meýilleşdirilýär.

Çärä 18 ýaşdan 40 ýaşa çenli daşary ýurt raýatlary çagyrylýar. Giňişleýin maglumat almak üçin Rossotrudniçestwo gullugynyň wekilhanasyna ýüz tutmak zerurdyr. Arzalar 30-njy aprele çenli kabul edilýär.