Aşgabatdaky Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) merkezi iki günlük «ÝHHG-niň modeli» atly çäräni geçirdi. Oňa Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinden 25-e golaý talyp we işjeň ýaşlar gatnaşyp, klimatyň üýtgemegi we sebit howpsuzlygy meselelerinde konsensus diplomatiýasynyň mehanizmlerini iş ýüzünde öwrendiler.
13-14-nji aprelde geçirilen bu çäre Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerini bir ýere jemledi. Gatnaşyjylar klimat wehimleriniň ykdysadyýete, ynsan howpsuzlygyna we sebitdäki syýasy durnuklylyga nähili täsir edýändigini seljerdiler.
Onlaýn görnüşde işlän halkara tälimçi daşky gurşawyň ýaramazlaşmagy bilen howpsuzlyk töwekgelçilikleriniň arasyndaky özara baglanyşygy düşündirdi. Milli moderatorlar bolsa ÝHHG-niň gurallarynyň dartgynlylygy azaltmakda we döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekde nähili mümkinçilikleriniň bardygy barada gyzgalaňly çekişmeleri geçirdiler.
«Klimatyň üýtgemegi ÝHHG-niň howpsuzlyk ölçegleriniň üçüsine-de täsir edýär: ol ykdysadyýete agram salýar, adamlaryň abadançylygyna zyýan ýetirýär we käwagt syýasy dartgynlylygyň döremegine sebäp bolýar» diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy Uilýam Lif belledi. Onuň aýtmagyna görä, gurama ýaşlara özgerişleriň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde garaýar we gepleşikler geçirmäge, ylalaşyk tapmaga hem-de durnukly ösüşiň bähbidine hereket etmäge ukyply liderleriň täze neslini kemala getirmegi maksat edinýär.