Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministrligi Hytaýyň Huawei kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenbaşy – Aşgabat – Türkmenabat demir ýol ugruny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Ugur boýunça tapgyrlaýyn elektrikleşdirmek bilen bir hatarda, hytaý tarapy infrastruktura emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy we demir ýol aragatnaşygyny häzirki zaman FRMCS standartyna geçirmegi teklip etdi.
Huawei kompaniýasy ulag pudagy üçin ýörite işlenip taýýarlanan öz emeli aň platformasy bilen tanyşdyryp, üç esasy ugra: hereketiň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaklyga, amallary awtomatlaşdyrmaklyga hem-de enjamlaryň öňünden çaklaýjy anyklaýjysyna, ýagny tehniki näsazlyklary öňünden anyklamak mümkinçiligine üns berdi.
Şeýle hem taraplar demir ýol aragatnaşyk standartlarynyň nesil çalşygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda Aşgabat – Türkmenbaşy böleginde ulanylýan GSM-R ulgamynyň ornuny has döwrebap, ýokary tizlikli we awtomatlaşdyrylan gatnawlara niýetlenen FRMCS standarty eýeleýär. Huawei kompaniýasy geçişiň tapgyrlaýyn amala aşyryljakdygyny hem-de täze infrastruktura gurmazdan, eýýäm bar bolan optiki süýümli aragatnaşyk geçirijilerden peýdalanmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.
Gepleşikleriň dowamynda kiberhowpsuzlyk meselesine hem aýratyn üns berildi. Kompaniýa öz çözgütleriniň müşderiniň infrastrukturasynyň içinde doly ornaşdyrylyp bilinjekdigini we maglumatlaryň üçünji taraplara geçirilmejekdigini nygtady. Şeýle hem hereket edýän milli kanunçylygy nazara almak bilen, 1900 MGs ýygylyk diapazonyny ulanmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyk türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň pugtalanyp barýan döwründe geçirildi. Taraplar bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde özara gyzyklanmalarynyň bardygyny tassykladylar.