Turkmenportal logo
Düýn 16:06
99649964
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen kompaniýalaryny Batumide geçiriljek halkara logistika maslahatyna gatnaşmaga çagyrýarlar

2026-njy ýylyň 14–15-nji maýynda Gruziýanyň Batumi şäherinde Argus Black Sea and Caspian Key Terminals and Logistics atly halkara maslahat geçiriler. Bu çäre Gara deňiz, Hazar deňzi hem-de Merkezi Aziýa sebitlerinden ýük eýelerini, eksportçylary, ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny, logistika operatorlaryny we treýderleri öz içine alýan 170-den gowrak gatnaşyjyny birleşdirer.

Maslahata gatnaşmaga türkmen tarapyndan hem wekilleri — ýük daşamak, uglewodorod eksporty we logistika ugurlarynda işleýän kompaniýalary we hünärmenleri çagyrýarlar.

Maslahat üç esasy ugry öz içine alar: gury ýükleriň daşalmagy, nebit we nebit önümleriniň daşalmagy, şeýle hem konteýner daşamalary. Gün tertibine terminal infrastrukturasynyň ösdürilmegi, nebiti Gara deňziň ugry boýunça eksport etmek, dökünleriň, kükürdiň we oba hojalyk önümleriniň logistikasyny guramak, şeýle hem demir ýol we port infrastrukturyna maýa goýumlary ýaly meseleler girizildi.

Forumyň aýratynlygy hökmünde Gruziýanyň iri logistika desgalaryna, şol sanda «Poti TransTerminal» konteýner terminalyna, Poti portundaky mineral dökünleri gaýtadan ýüklemek boýunça multimodal terminala hem-de Petrocas Energy Group nebit terminalyna gezelençler guralar.

Tassyklanan gatnaşyjylaryň hatarynda Chevron, Maersk Georgia, SOCAR Midstream Operations, KazAzot, Uzkimyoimpeks, Rompetrol ýaly iri kompaniýalaryň wekilleri bar.

Bellige alyş çäresini guraýjy Argus Media kompaniýasynyň resmi web sahypasynda açykdyr.