Turkmenportal logo
Düýn 15:00
90059005
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-nyň energetika ministri: nebitiň bahalary ýakyn hepdelerde iň ýokary derejesine ýeter

ABŞ-nyň energetika ministri Kris Raýt nebitiň bahalarynyň ýakyn birnäçe hepdäniň dowamynda iň ýokary derejesine ýetmeginiň ähtimaldygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bahalaryň ýokarlanmagy Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawynyň ep-esli möçberde dikeldilýänçä dowam eder.

Bu barada ol duşenbe güni Waşington şäherinde geçirilen Semafor ykdysady forumynda mälim etdi – diýip, Reuters agentligi habar berýär. Ondan öň Raýt başgaça pikirde bolup, nebitiň bahalarynyň tiz wagtda peseljekdigini çaklapdy.

«Biz energiýa serişdeleriniň ýokary bahalaryny görýäris — we, ähtimal, olar ýene-de ýokarlanar — Ormuz bogazy arkaly ep-esli möçberde gämi gatnawy durnukly amala aşyrylýança... Bahalar, ähtimal, ýakyn hepdelerde iň ýokary derejesine ýeter» — diýip, agentlik ministriň sözlerinden jümle getirýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bolsa, öz gezeginde, nebitiň we benziniň bahalarynyň şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek aralyk saýlawlaryna çenli ýokary derejede galmagynyň mümkindigini aýtdy.