“Hankuk Daşary Ýurt Dilleri Uniwersiteti” (Hankuk University of Foreign Studies (HUFS)) (Seul, Koreýa Respublikasy) “Türkmen Maslahatçylar Topary” HJ-ine (TMT Consulting Group) Türkmenistanda ýerli wekili hökmünde çykyş etmäge ygtyýar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, TMT Consulting Group HUFS uniwersitetine okuwa girmek we 2026-njy ýylyň güýzünde okuwa başlamak isleýänler üçin öz hyzmatlaryny hödürlap başlandygyny yglan edýär.
TMT Consulting Group dalaşgär talyplara köpugurly goldawlary berýär, şol sanda:
HUFS-yň okuw meýilnamalaryny, arza talaplaryny we kabul ediş tertibi boýunça maglumat beriş duşuşyklaryny geçirmek;
zerur resminamalary ýygnamakda ýardam etmek;
arza bermegiň/okuwa kabul etmegiň ähli tapgyrlarynda goldaw bermek.
Has giňişleýin maglumat üçin biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz:
Telefon: +993 (65) 42 17 77
E-poçta: edu@tmt.tm
Salgysy: Aşgabat şäheri, G. Kuliýew köçesi 38, «Ojar Aziýa» binasy