Turkmenportal logo
14.04.26
94559455
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarusda abraýly bilim: «Abraýly Watanyň» kabul ediş möwsümi dowam edýär

«Abraýly Watan» hususy kärhanasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin kabul ediş möwsümini dowam etmek bilen, türkmen dalaşgärlerini Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga çagyrýar!

Lukmançylyk, maglumat tehnologiýalary, inženerçilik, ynsanperwer ylymlar — durmuşyňyzy üýtgedjek ugry saýlaň. Belarus ýokary okuw mekdepleri üstünlikli karýera üçin ygtybarly binýat hökmünde özüni ykrar etdirdi we indi sizde bu ulgamyň bir bölegi bolmak üçin ajaýyp mümkinçilik bar.

Hyzmatdaş uniwersitetler:

Lukmançylyk ugurly uniwersitetler: Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti (BDLU), Gomel döwlet lukmançylyk uniwersiteti (GomDLU), Grodno döwlet lukmançylyk uniwersiteti (GrDLU), Witebsk döwlet lukmançylyk uniwersiteti (WDLU). 

  • Tehniki we IT: Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BDIRU), Belarus milli tehniki uniwersiteti (BMTU), Belarus döwlet tehnologiýa uniwersiteti (BDTU).

  • Ynsanperwer ylymlar we diller: Belarus döwlet daşary ýurt dilleri uniwersiteti (BDDÝDU), Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti (GrDU), Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersiteti (Fransisk Skorina ad. GDU), Ýewfrosinýa Poloskaýa adyndaky Polosk döwlet uniwersiteti (PDU), P.M. Maşerow adyndaky Witebsk döwlet uniwersiteti (WDU), A.S. Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersiteti (BrDU).

Näme üçin müňlerçe talyp Belarusy saýlaýar? «Abraýly Watanyň» wekilleri esasy artykmaçlyklaryny belleýärler:

  • Örän elýeterli töleg bilen ýokary hilli, Ýewropa derejesindäki bilim.

  • Dil päsgelçiligi bolmazdan rus ýa-da iňlis dilinde bilim almak mümkinçiligi.

  • Döwrebap usullar, öňdebaryjy barlaghanalar we bütin dünýädäki iş berijiler tarapyndan gymmatly hasaplanýan tejribe ugurly çemeleşme.

Ähli hyzmatdaş uniwersitetler halkara reýtinglerine girýär we diňe GDA ýurtlarynda däl, eýsem, ondan daşarda-da ykrarnama eýedir.

Iň ýakymly tarapy bolsa «Abraýly Watan» ähli aladalary öz üstüne alýar. Tejribeli hünärmenler:

  • geljekki hünäriňizi saýlamaga,

  • resminamalary dogry taýýarlamaga,

  • ähli kabuliň ediş tapgyrlaryndan üstünlikli geçmäge kömek ederler.

Ilkinji maslahatdan başlap, kabul edilmäge çenli her ädimde doly goldaw üpjün edilýär. Hiç hili başagaýlyk ýa-da artykmaç alada ýok!

Häziriň özünde «Abraýly Watan» bilen habarlaşyň we üstünlikli geljegiňize tarap ilkinji ädimi ädiň.

Habarlaşmak üçin «Abraýly Watanyň» maglumatlary:

Telefonlar:

  • (+993 65) 05 72 75

  • (+993 64) 05 72 75

  • (+993 63) 27 72 75

  • (+993 62) 94 48 22

  • +375256567862

  • +375259703928

Email: abraylywatan2024@gmail.com

Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan köç., 120/1 jaý («Şirin Nygmatlary» binasy).