Turkmenportal logo
Düýn 11:23
83588358
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Covid‑19 ýokanjynyň täze «Sikada» görnüşiniň howplulygy öwrenilýär
Surat: daryo.uz

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) Covid‑19 ýokanjynyň özgeren täze görnüşini dünýäniň 23 ýurdunda resmi bellige aldy we oňa gözegçilik edýär. BA.3.2 diýlip resmi atlandyrylan täze «Sikada» görnüş ýokuşan hassalar eýýäm ABŞ-da, Gonkongda, Mozambikde we Beýik Britaniýada hasaba alyndy diýip, «Darýo.uz» ýazýar.

Bu görnüşiň has howpludygyny aýdara esas ýokdugyna garamazdan, bilermenler onuň bilen, esasan, çagalaryň köp keselleýän bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar.

BA.3.2 ştammyna «Sikada» (bökýän we jyrryldaýan möjejik) diýlip at berilmeginiň sebäbi ol dünýäniň käbir böleginde sikada atly uzak wagtlap toprakda uklaýan mör-möjek ýaly uzak wagtlap hereketsiz halda galypdy.

Geçen aýda Keselleriň gözegçiligi we öňüni almak boýunça merkez (CDC) Amerikanyň ştatlarynyň 25-sinde ýokanja ýolugan hassalary hasaba aldy.

BSGG şeýle hem bu görnüşi aýratyn ünsi talap edýän «gözegçilik astynda» diýen topara girizdi. Häzriki wagtda hünärmenler onuň dünýä saglygy goraýşy üçin howplulyk derejesini öwrenýärler.