Turkmenportal logo
Şu gün 10:38
78957895
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi açyldy

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi açyldy.

Halkara sergisiniň açylyş dabarasynda foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan iberilen Gutlag hatyny diňlediler.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda guralýan bu halkara forumyň syýahatçylyk pudagynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigine berk ynanýaryn» – diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň geçirilmegi bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şu gezekki sergä diňe bir türkmen kompaniýalary däl-de, eýsem daşary ýurt syýahatçylyk kompaniýalarynyň hem gatnaşmagy bu ugurda tejribe alyşmaga, biri-biriniň amaly işläp taýýarlamalary we täze taslamalary bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik döredýär.

Giň gerimli forumyň çäklerinde «Turkmentravel – 2026» atly maslahat, iş duşuşyklary, seminarlar we syýahatçylyk gezelençleri geçiriler.

Forumyň esasy temalarynyň hatarynda täze syýahatçylyk ugurlarynyň tanyşdyrylyşy, halkara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de häzirki zaman syýahatçylyk ulgamynda öňdebaryjy tehnologiki çözgütleriň görkezilmegi bar. Şeýle hem ekologiki syýahatçylyga, etnografik syýahatçylyga we Türkmenistanyň täsin tebigy baýlyklaryna esaslanýan şypahana-sagaldyş ugurlaryna aýratyn üns berler.

«Turkmentravel – 2026» sergisi we onuň çäklerindäki çäreler 16-njy aprele çenli dowam eder.