Turkmenportal logo
Düýn 22:10
1014010140
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident welaýatlarda gowaça ekişiniň öz wagtynda geçirilmegini tabşyrdy
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan»  habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýurduň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda welaýatlarda gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, bellenilen möhletlerde tamamlamak üçin zerur  çäreler görülýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde netijeli işledilmegine doly üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlerini ekmek hem-de bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýurtda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň tohumlaryny paýlamak hem-de olara talabalaýyk ideg etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak maksady bilen gorag zolaklaryny döretmek boýunça arassaçylyk we sürüm işleri geçirilýär. Şeýle hem şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriň barşy barada hasabatlar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň gowaça ekişiniň bellenilen möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini  gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.