Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin suwa, suw serişdelerine we deňiz ýollaryna deň we deňhukukly elýeterliligi kepillendirmäge çagyrdy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda eden çykyşynda aýtdy.
« Şu gezekki forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri goldamak hakynda ýene bir mowzugy barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu meselede eýeleýän orny anyk we aýdyňdyr. Bu döwletlere suwa, has giň manyda suw serişdelerine, şeýle hem deňiz ýollaryna deň we deňhukukly elýeterlilik üpjün edilmelidir» — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Onuň sözlerine görä, Şeýle çemeleşme diňe bir syýasy-hukuk däl, eýsem, ahlak esasly şert bolup hem çykyş edýär. Ol häzirki we geljek nesilleriň öňünde jogapkärçilik bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri 2025-nji ýylyň awgustynda ýurdumyzda dünýä ähmiýetli möhüm waka — BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Maslahatda kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy BMG-niň resminamasy derejesine eýe boldy. Bu resminamada 44 döwletde ýaşaýan onlarça million adamyň kanuny hukuklaryny we zerurlyklaryny üpjün etmek üçin durmuşa geçirilmeli esas goýujy ýörelgeler hem-de çemeleşmeler beýan edilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu resminamanyň ähli düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi ugrunda yzygiderli we maksatly işleri alyp barjakdygyny nygtady. «Bu işde giň halkara goldawyna umyt edýäris» — diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Milli Lider Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda iş alyp barýandygyny hem aýtdy. Ýurduň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň bähbitlerini goramak boýunça rezolýusiýalaryna esaslanyp, Türkmenistan döwletleriň köptaraplaýyn tagallalaryny birleşdirmäge we BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da UNIDO bilen amaly işleri netijeli utgaşdyrmaga mundan beýläk-de ýardam berer.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ugrunda iş alyp barýar. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini goramak ulgamynda we beýleki birnäçe wajyp ugurlar boýunça kabul edilen Kararnamalaryna esaslanyp, Türkmenistan resminamada beýan edilen wezipeleri çözmek üçin köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, UNIDO bilen agza döwletleriň hereketlerini netijeli utgaşdyrmaga goldaw bermegini dowam etdirer.