Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory Gerd Müller, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş direktory Rafael Grossi bilen ýurt ähmiýetli möhüm duşuşyklary geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşyklaryň dowamynda ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri Türkmenistanyň geljekde-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, ählumumy we sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýändigini, Türkmenistanyň atom energiýasyny diňe parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Duşuşyklaryň barşynda ykdysady, saglygy goraýyş, ählumumy ekologiýa meselelerine hem aýratyn üns çekildi.

Duşuşyklaryň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory Gerd Müller, şeýle hem Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş direktory Rafael Grossi birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.