Turkmenportal logo
Şu gün 11:00
36473647
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Azerbaýjan bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasary Firudin Gurbanow iş saparynyň çäklerinde Aşgabatda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň bilim ulgamynda alnyp barylýan soňky özgertmeler, olaryň netijeleri hem-de bar bolan meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de bilim işine häzirki zaman tehnologiýalaryny we emeli aňy ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Firudin Gurbanow bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Taraplar bilelikdäki işiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bilim ulgamyndaky möhüm wezipeleri çözmek boýunça teklipleri işläp taýýarladylar — diýip, diplomatik wekilhanasynda bellediler.