Turkmenportal logo
Şu gün 10:39
51605160
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Zyýat Hil» maslahat berýär: dynç günleri piknik üçin näme almaly

«Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyry paýtagtyň ýaşaýjylaryna taýýar süýjülikleri almak bilen, açyk howada dynç alyşlaryna täze öwüşgin çaýmagy teklip edýär. Müşderilere pikniklere ýa-da gezelençlere ýanyň bilen alyp gitmek üçin amatly bolan bulgur görnüşli gaplarda bir adamlyk süýjülikler hödürlenilýär.

Dükanlar zynjyrynda baý şokolad tagamly we täze önümlerden taýýarlanan miweli süýjülikleriň has meşhurdygyny belleýär. Şeýle görnüş öýden daşarda – şäheriň daşyna gezelençlerde ýa-da seýilgähde dynç alanyňyzda halaýan süýjülikleriňizden lezzet almaga mümkinçilik berýär.

Umuman, konditer dükanlary zynjyrynda nusgawy tortlardan we kökelerden başlap, her gün ýokary hilli önümlerden taýýarlanýan aýratyn süýjüliklere we çörek önümlerine çenli dürli konditer önümleri hödürlenilýär.

Mundan başga-da, müşderiler eltip bermek hyzmatymyzdan peýdalanyp bilerler, bu bolsa piknige taýýarlygy has-da amatly edýär.

Konditer dükanlary hepdede ýedi gün açyk. Sargytlar her gün sagat 8:00-dan 22:45-e çenli kabul edilýär. 150 manatdan ýokary sargytlar üçin Aşgabadyň we Gökdepe etrabynyň çäginde mugt eltip bermek hyzmaty hereket edýär.

Aşgabatda Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde «Zyýat Hiliň» süýjüliklerine bolan isleg has-da artýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;

Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;

Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.