Turkmenportal logo
Şu gün 10:38
54195419
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Balkan welaýatynda 1 600 gektar meýdanda ýazky ýeralmanyň ekişleri geçirildi

Şu ýaz möwsüminde Balkan welaýatynyň daýhanlary tarapyndan 1 600 gektar ýerde ýeralmanyň ekişleri öz wagtynda we ýokary guramaçylykly ýagdaýda amala aşyryldy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Häzirki wagtda sebitiň giň meýdanlarynda suwaryş işleri alnyp barylýar. Şeýle-de ekinlere mineral hem mikro-dökünler bilen iýmitlendirme işleri geçirilýär.

Gögeren ösümliklere ideg etmek boýunça çäreler gadymy ekerançylyk däpleri bilen häzirki zaman öňdebaryjy tejribäniň we ýokary tehnologiýalaryň utgaşdyrylmagynyň esasynda alnyp barylýar.

Meýdanlarda alnyp barylýan işleriň agrotehniki talaplara laýyklykda netijeli ýerine ýetirilmegi möwsümiň üstünlikli boljakdygyny hem-de hasylyň bol boljakdygyny görkezýär — diýip, çeşmede bellenilýär.