Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Hindistanyň Medeni gatnaşyklar boýunça geňeşiniň (ICCR) esaslandyrylmagynyň 77 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi.
ICCR Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky awtonom gurama bolup, ol 1950-nji ýylda halkara özara düşünişmegi berkitmek maksady bilen döredildi. Geňeş dünýäniň onlarça medeni merkezlerini dolandyrýar we sergiler, festiwallar hem-de konserter arkaly hindi sungatyny ýaýradýar. Guramanyň işiniň esasy ugurlarynyň biri hem daşary ýurt raýatlary üçin bilim kwotalaryny bermekden ybaratdyr.
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu öz çykyşynda geňeşiň bilim maksatnamalarynyň ähmiýetini aýratyn nygtady.
«ICCR her ýyl daşary ýurtly talyplara 4 müňe golaý talyp hakyny berýär. Eýýäm Türkmenistanyň 200-den gowrak raýatynyň bu maksatnama arkaly Hindistanda ýokary bilim alandygyny bellemek guwandyrýar. Türkmen ýaşlaryny geljek okuw ýyly üçin ICCR talyp haklaryna hasaba durmaga çagyrýaryn» diýip, diplomat belledi.
Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Türkmenistanda hindi medeniýetiniň meşhurlygynyň artýandygyny hem belläp geçdi.
«Ýurtda ýoga, aýurweda, hindi diline we hindi kinematografiýasyna bolan gyzyklanma ösýär. Aşgabatda hindi dili burçy we aýurweda otagy açyldy, Ýoga we adaty lukmançylyk merkezinde bolsa ähli isleýänler üçin her gün hünär derejesindäki sapaklar geçirilýär» diýip, Bandaru Wilsonbabu habar berdi.
Çykyşynyň ahyrynda ilçi gadymy hindi pelsepesi bolan «Wasudhaiwa Kutumbakam» («Bütin dünýä — bir maşgala») jümlesine salgylanyp, Hindistanyň Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny nazara alyp, öz ösüş tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Diplomat hindi ýokary okuw jaýlarynyň uçurumlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin «janly köpri» boljakdygyna ynam bildirdi.