Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Wonje Aşgabatdaky Korol Sejong adyndaky instituta baryp gördi. Saparyň dowamynda diplomat koreý dilini öwredýän mugallymlar bilen duşuşdy we okuw merkeziniň işi bilen tanyşdy. Bu barada Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Li Wonje institutyň işine ýokary baha berip, koreý dilini we medeniýetini öwrenmekdäki toplumlaýyn çemeleşmäni aýratyn belledi. Merkezde dil kurslaryndan başga-da, koreý aşhanasy we milli tanslary boýunça sapaklary öz içine alýan medeni çäreler hem guralýar.
Ilçi institut bilen ýakyndan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny bildirdi we bilelikdäki tagallalar arkaly türkmen topragynda koreý diliniň hem-de medeniýetiniň has-da giň ýaýramagyna ýardam etmäge çagyrdy diýlip, habarda bellenilýär.