Turkmenportal logo
Şu gün 10:53
74267426
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Esen Aýdogdyýew Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky täze bellenen ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Protokol gullugynyň ýolbaşçysy Monika Kroula ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Dabara 2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Waşington şäherindäki Bler-Hausda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň X sahypasynda habar berildi.

Ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurmak diplomatyň resmi taýdan wezipesine girişmeginden öň geçirilýän hökmany protokol tapgyry bolup, soňra ynanç hatlarynyň asyl nusgalary döwletiň ýolbaşçysyna gowşurylýar.

Esen Aýdogdyýew 2026-njy ýylyň 6-njy martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ABŞ-da Türkmenistanyň ilçisi wezipesine bellendi. Bu wezipeden öň ol Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup işledi, şeýle hem bir wagtda Sloweniýa Respublikasynda (Moskwada ýerleşýän rezidensiýasy bilen) ilçi wezipesini ýerine ýetirdi. Aýdogdyýew Russiýadaky ilçi wezipesine 2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda bellenipdi.

Türkmenistanyň ABŞ-daky öňki ilçisi Meret Orazow bu wezipede 2001-nji ýylyň ýanwaryndan bäri işläpdi. Mundan başga-da, ol Türkmenistanyň Meksikadaky, Kanadadaky bähbitlerini gorapdy hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasynda ýurduň wekili bolup çykyş edipdi. Orazow başga işe geçmegi sebäpli ähli bu wezipelerden boşadyldy.