Turkmenportal logo
Şu gün 09:37
69446944
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Şabat» serhetýaka söwda merkezi arkaly türkmen-özbek haryt dolanyşygynyň möçberi artýar

Türkmen-özbek serhedindäki «Şabat» söwda merkezi arkaly amala aşyrylýan haryt dolanyşygynyň möçberi yzygiderli artýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.

Ýanwar — mart aýlarynda bu ýerde, takmynan, 60 müň özbek raýaty söwda etdi.

Türkmenistandan 1 700 tonnadan gowrak haryt eksport edildi. Iň köp isleg bildirilýän önümler Türkmenistanda öndürilýän alkogolsyz içgileri, konditer önümleri, ter pomidorlar, şeýle hem ýuwujy serişdeler, dokma önümleri we beýleki gündelik sarp ediş harytlarydyr.

Şol bir wagtyň özünde, söwda merkeziniň özbek tarapyndan Türkmenistana 250 tonnadan gowrak önüm import edildi. «Şabat» söwda merkezi arkaly Türkmenistana, esasan, Özbegistanda öndürilen hojalyk harytlary, guradylan miweler we dokma önümleri getirilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, «Şabat» serhetýaka söwda merkezi 2025-nji ýylyň noýabr aýynda açyldy. Bu merkez arkaly amala aşyrylýan söwda amallary ähli gümrük paçlaryndan we beýleki töleglerden boşadylandyr.